Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, Malazgirt ýeňişiniň 954 ýyllygy mynasybetli Bitlisiň Ahlat etrabynda Okçular gaznasy tarapyndan geçirlen çärä gatnaşdy.
Erdogan açylyş dabarasynda eden çykyşynda, bu ýeňişiň Türkiýäniň ykbalyny kesgitlän öwrülşik nokady bolandygyna ünsi çekdi.
“Mundan doly 954 ýyl ozal, 1071-nji ýylyň 26-njy awgustynda Soltan Alparslanyň öňbaşçylygynda gazanylan Malazgirt ýeňişi, taryhymyzyň ugruny üýtgetdi” diýen Prezident Erdogan “Bu ýeňiş bilen birlikde türk halky, Anadolyny türk ýurduna öwrülmegi üçin aýgytly ädim ätdi” diýdi.
1071-nji ýylyň 26-njy awgustynda Seljuklylar, özlerinden has güýçli bolan Wizantiýanyň goşunyny ýeňip Anadolynyň gapylaryny türkler üçin açýar.
Bu ýeňişiň 954 ýyllygy, türk halkynyň gaýduwsyz göreşiniň simwoly we Seljuklylaryň bir wagtlar söweş üçin taýarlyk gören sebitlerinde uzak ýyllardan bäri iş alyp barýan PKK howpunyň ortadan aýrylmagyny maksat edinýän terrorsyz Türkiýe başlangyjyna bap gelýär.
Prezident Erdogan, “Şu günki günde biziň esasy wezipämiz, Malazgirt ruhuny dowam etdirmek we geljek nesillere ýetirmekdir. Sebäbi Malazgirt diňe bir söweşiň däl, eýsem halkymyzyň müň ýyllyk doganlygynyň, watan söýgüsüniň we jebislikde ýaşamak isleginiň nyşanydyr” diýdi.
Prezident Erdogan şu gün Bitlisiň Ahlat etrabynda täze açylan we Ankaranyň daşyndaky ilkinji döwrebap Prezidentiň kompleksi bolan desgada geçiriljek Ministrler kabinetiniň mejlisine ýolbaşçylyk eder.
Seljukly goşunynyň Malazgirt söweşinden öň harby merkez hökmünde ulanan ýeri bolan Ahlat, şu günki günde Muş welaýatynyň serhetlerinde ýerleşýär.
Prezident Erdogan, “Pursatdan peýdalanyp eziz halkymyzyň 26-njy awgust Malazgirt ýeňişiniň 954 ýyllygy bilen mähirli gutlaýaryn” diýdi.
Awgust aýy “ýeňişler aýy” hökmünde bilinýär.
30-njy awgust bolsa Türkiýede resmi taýdan Ýeňiş baýramy hökmünde bellenilip geçilýär.