SYÝASAT
2 minut okamak
Belgiýa Ysraýyla sanksiýalar girizdi, Palestini ykrar etjekdigini tassyklady
Resmiler Ysraýylyň bikanun ýaşaýyş ýerlerinde ýaşaýan raýatlaryna konsullyk hyzmatlaryny çäkdirer we şol adamlara D görnüşli uzak möhletli wyza berilmez üçin şertleri öwrener.
Belgiýa Ysraýyla sanksiýalar girizdi, Palestini ykrar etjekdigini tassyklady
Belgiýa Ysraýyla sanksiýalar girizdi, Palestini ykrar etjekdigini tassyklady / AP Archive
3 September 2025

Belgiýa Gazadaky genosid sebäpli Ysraýyla giň gerimli çäreleriň görüljekdigini beýan etdi. Şol çäreleriň hatarynda sanksiýalar, giňeldilen ýarag embargosy we basylyp alynan ýerlere bikanun ýerleşen ysraýyllylaryň öndürýän harytlarynyň importunyň gadagan edilmegi bar.

Federal hökümetiň göwrümi çäkli maslahatynda kabul edilen karar, resmileriň “Palestinde gumanitar tragediýa” atlandyrýan ýagdaýyna garşy Ysraýyla edilýän gysyşy güýçlendirmegi nazarda tutýar.

Ysraýylyň aşa sagçy ministrleri Itamar Ben-Gwir we Bezalel Stotriçiň ýany bilen Hamasyň syýasy we harby ýolbaşçylary hem Belgiýada islenýän adam yglan ediler. Atlary Şengeniň maglumatlar ulgamyna goşular.

Belgiýanyň häkmiýetleri bikanun ilatly ýerlerde ýaşaýan Ysraýylyň raýatlaryna konsullyk hyzmatlaryny çäklendirer we olara D görnüşli uzak möhletli wyzanyň berilmeginiň öňüni almagyň ýollaryny gözleýär.

Hökümet bar bolan ýarag eksportyny we Ysraýyla üstaşyr geçiriş gadagançylygyny giňeldip, ähli harby önümleri we goşa ulanyşly harytlary hem oňa degişli etmek hakynda karar kabul etdi. Şeýle hem ÝB-ni doly embargo goýmak üçin lobbi işlerini alyp barmaga çagyrar.

Belgiýa Şalygynyň permany bilen Ysraýylyň bikanun ilatly ýerlerinde öndürilen harytlaryň importy hem gadagan ediler. Bu başlangyç mundan ozal İrlandiýa we Sloweniýa tarapyndan görülen çärelere meňzeýär.

Belgiýanyň hökümeti şeýle hem dowam edýän gyrgynçylykda Ysraýylyň harby uçuş rugsat berilmegi hakyndaky talaplaryny kabul etmejekdigini we Ysraýylyň goranyş enjamlaryna bolan garaşylylygy hem azaltjakdygyny beýan etdi.

Palestiniň ykrar edilmegi

 Balgiýa şeýle hem iki döwletli çözgüde berýän godlawyny tassyklady we Fransiýa bilen Saud Arabystanyň degişli bolan Nýu-Ýork Jarnamasyna goşuljakdygyny beýan etdi. Bu başlangyç Palestin döwletiniň ykrar edilmegini delillendirýär.

Hökümet resmi ykrar etmänin ähli ýesirleriň boşadylmagyndan we Hamas ýaly toparlaryň Palestiniň dolandyryşyndan çykarylmagyndan soň boljakdygyny beýan etdi.

Belgiýa Ýewropada Ysraýyl bilen söwda, ylmy barlag we awiasiýa pudagyndaky şertnamalaryň bes edilmegi, ÝB-niň tehniki maksatnamalaryndaky hyzmatdaşlyklarynyň bes edilmegi üçin tagalla eder.

Brýussel şeýle hem Halkara Adalat Diwanynyň 2024-nji ýylyň iýyl aýynda beýan eden garaýyşyna laýyklykda bikanun ilatly ýerlerde öndürilýän harytlar goýulan gadagançylygyň ÝB tarapyndan hem goldanmagy üçin çagyryş edýär.

Belgiýa BMG-niň Sessiýasynda Palestini ykrar etjekdigini beýan eden Fransiýa, Britaniýa, Kanada we Awstraliýa bilen bilelikde hereket edýär.

ÇEŞME:TRT World
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us