TÜRKIÝE
2 minut okamak
Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn, Bengazide Haftar bilen duşuşdy
BMG-nyň Liwiýadaky missiýasy harby güýçleri birleşdirmek üçin uly tagalla edýär
Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn, Bengazide Haftar bilen duşuşdy
4 hours ago

Türkiýe Respublikasynyň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn, Türk deňiz floduna degişli gäminiň Bengazi portuna barmagyndan bir gün soň Liwiýanyň Bengazi portunda Halife Haftar bilen duşuşdy.

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi duşenbe güni TJG Kynalyada gämisiniň Bengazi portuna guran saparynyň çäginde Türkiýeli we Liwiýaly harby toparyň möhüm duşuşyk geçirendigini mälim etdi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, general-maýor Ilkaý Alyndagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Liwiýanyň Milli goşunynuň başlygynyň orunbasary Halife Haftar bilen duşuşandygy nygtaldy.

Duşuşykda “Bir Liwiýa, Bir goşun” maksadynyň çäginde bilelikde durmuşa geçiriljek taslamalar hakynda pikir alyşyldy.

Duşuşyga Türkiýäniň Liwiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Güwen Begeç bilen Türkiýäniň Bengazi şäherindäki Başkonsuly Serkan Kyramanlyoglu hem gatnaşdy.

Liwiýanyň Milli goşunynuň başlygynyň orunbasary Halife Haftar TJH Kynalyada gämisine hem baryp gördi.

BMG-nyň Liwiýadaky missiýasy 5+5 Bilelikdäki harby komissiýasy arkaly harby güýçleri birleşdirmek üçin tagalla edýär. Bu komissiýa günbatardan 5 ofiseri we gündogardaky Haftar güýçlerinden 5 ofiseri öz içine alýar.

BMG şeýle hem 2022-nji ýylyň başlarynda Wekiller Mejlisi tarapyndan bellenen we gündogar bilen günbataryň esasy bölegine gözegçilik edýän Bengazide ýerleşýän Osama Hammadyň ýolbaşçylygyndaky administrasiýa bilen günbatara gözegçilik edýän Tripolide ýerleşýän Dbeýbanyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň arasyndaky syýasy dartgynlygyň ortadan aýrylmagy we saýlawlaryň geçirilmegi üçin tagalla edýär.

Liwiýalylar uzak ýyllardan bäri yza süýşürilýän saýlawlaryň, 2011-nji ýylda Muammer Kaddafiniň agdarylmagy bilen başlan geçiş döwrüniň tamamlanmagyna, syýasy bölünşikleriň we çaknyşyklaryň ortadan aýrylmagyna goşant goşmagyna garaşýar.

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us