Syýasat
2 minut okamak
Daniýa Arktikadaky Harby Güýçlerini Pugtalandyrmak Üçin 2 Milliard Dollarlyk Maýa Goýýar
Daniýa, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Grenlandiýa gözegçilik etmek baradaky çagyryşlaryna jogap hökmünde täze harby mümkinçiliklere, şol sanda gämilere we uçarmansyz howa enjamlaryna maýa goýjakdygyny mälim etdi.
Daniýa Arktikadaky Harby Güýçlerini Pugtalandyrmak Üçin 2 Milliard Dollarlyk Maýa Goýýar
March 4, 2025

Daniýa duşenbe güni, Arktikadaky harby güýjüni berkitmek maksady bilen 14,6 milliard Daniýa kronuny (2,05 milliard dollar) sarp etjekdigini habar berdi. Grenlandiýa Daniýanyň ýarym özbaşdak sebitleriniň biri bolup durýar.

Tramp üstümizdäki aýyň dowamynda Grenlandiýanyň ABŞ-nyň howpsuzlygy üçin möhüm ähmiýete eýedigini we Daniýanyň bu strategiki adanyň gözegçiligini bes etmelidigini aýtdy.

Daniýa geçen onýyllykda goranyş çykdajylarynyň esli azalmagyndan soň geçen ýyl 190 milliard Daniýa kronuny (26 milliard dollar) harby harajatlar üçin bölüp berdi we bu serişdeleriň bir bölegini häzirki wagtda Arktikada sarp etmäge başlady.

Daniýa Grenlandiýanyň howpsuzlygyndan we goranyşyndan jogapkär bolsa-da, giň gerimli adada çäkli harby mümkinçiliklere eýe hem-de ol ýer köplenç "howpsuzlygyň gara girdaby" hökmünde häsýetlendirilýär.

Häzirki wagtda Daniýanyň Arktikadaky güýji dört sany köne gözegçilik gämisinden, bir  sany “Challenger” gözegçilik uçaryndan we 12 sany itli sleji patrulyndan ybarat bolup, olar Fransiýadan dört esse uly bolan sebiti gözegçilikde saklamakdan jogapkär.

 Goranyş ministri Troels Lund Poulsen metbugat ýygnagynda eden çykyşynda bu maýa goýumyň üç sany täze Arktika harby gämisine maliýe goldawyny bermek, meýilleşdirilen uzak aralyga uçmaga ukyply gözegçilik dronlarynyň sanyny dörde ýetirmek we hem-de hemra gözegçiligini girizmek bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.

Syýasy partiýalar ýylyň birinji ýarymynda Arktika üçin goşmaça serişdeleri bölüp bermek boýunça ylalaşdylar.

ABŞ-nyň harby güýçleri Grenlandiýanyň demirgazyk-günbataryndaky Pituffik Kosmos Bazasynda hemişelik ýerleşýär. Şol baza ballistik raketalaryň önünden duýduryş ulgamy üçin strategiki ähmiýete eýe, sebäbi Ýewropadan Demirgazyk Amerika iň gysga ýol şol adanyň üstünden geçýär.

 

 

TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us