Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara, Siriýa demokrat güýçleri SDG-nyň 10-njy martda baglaşylan şertnamany berjaý etmeýändigini, toparyň ýerlerdäki çemeleşmesiniň tapawutlydygyny nygtady.
Prezident Şara, çarşenbe güni İdlibiň demirgazygyndan gelen wekiliýet bilen geçiren duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.
Şara, SDG-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly 10-njy martda baglaşylan şertnamany berjaý etmäge taýardygyna ünsi çekendigini emma toparlaryň ýerlerdäki çemeleşmesiniň tapawytlydygyny nygtady.
Şara şertnamanyň doly iş ýüzüne geçirliş kadalarynyň kesgitlenmegi üçin gepleşikleriň henizem dowam edýändigini belledi.
Prezident Şara, Siriýanyň, SDG-nyň, ABŞ-nyň we Türkiýäniň şertnamanyň çäginde ylalaşyk gazanandygyny nygtady we 4 esasy aktýoryň Siriýanyň demirgazyk gündogary boýunça doly ylalaşyk gazanmagyndan soň şertnamanyň iş ýüzüne geçiriljekdigini belledi.
Şertnamanyň üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli iş ýüzüne geçirilmegi üçin möhlediň berlendigini aýdan Şara, Siriýanyň demirgazyk gündogary meselesiniň parahatçylyk ýagdaýda çözülmeginiň we halkara goldawyň möhümdigine ünsi çekdi.
Ýer meselesinde egilşik edilmez
Meseläniň birnäçe aýyň dowamynda çözülmegine garaşýandygyny aýdan Prezident Şara, “Ýer meselesinde asla egilşik edilmez. Ýurduň ýekeje garyş topragy berilmez. Kanunlaryň çäginde her bir adamyň hukugyny gorarys” diýip belledi.
Siriýanyň Prezidenti Şara 10-njy martda SDG-niň döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalara utgaşyklygy boýunça şertnama baglaşylandygyny, ýurduň territorial bitewiliginiň tassyklanylandygyny we bölünşige garşydyklaryny mälim edipdi.
SDG terror guramasy PKK-nyň bölümi we Siriýadaky şahamçasy ÝPG tarapyndan gönükdirilýär.
Siriýanyň hökümeti, 1963-nji ýyldan bäri häkimiýetiň başynda bolan Baas ulgamynyň häkimiýetinden çetleşdirilmeginden we Başar Asadyň geçen ýylyň dekabr aýynda Russiýa gaçyp gitmeginden soň ýurtda howpsuzlygyň ýola goýulmagy üçin uly tagalla edýär. Başar Asatdan soň Şaranyň ýolbaşçylygynda ýanwar aýynda täze hökümet guruldy.