Syýasat
2 minut okamak
Şweýsariýa asly palestinaly amerikaly žurnalist Ali Abunimahy boşatdy we deport etdi
Adam hukuklary toparlary, Abunimahyň tussag edilmegini Günbataryň Palestina goldaw berýän ýüzlenmelerini bökdemek başlangyjy hökmünde häsiýetlendirýär.
Şweýsariýa asly palestinaly amerikaly žurnalist Ali Abunimahy boşatdy we deport etdi
March 3, 2025

Asly palestinaly amerikaly žurnalist Ali Abunimah, Şweýsariýanyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan 3 gün göz tussaglygynda saklanandan soň ýurtdan çykarlandygny tassyklady.

Garaşsyz onlaýn neşir “Elektron Intifadanyň” ýerine ýetiriji müdüri bolan Abunimah duşenbe güni sosial mediadan ýaýlyma beriljek Şwesiýanyň Sýurih şäherinde geçirilmegi meýilleşdirlen çäräniň öňüsyrasynda göz tussaglygyna alynandygyny nygtady.

“Howpsuzlyk güýçleri tarapyndan duşenbe güni agşamara kiçi metal kapasanyň içinde, penjiresiz tussaghananyň marşrutkasy bilen Sýurih howa menziline alyp gitdiler” diýdi.

Şaýatlar, “Ýönekeý egin eşik geýen 3 polis gullukçysy Abunimahy zor bilen ulaga mündirip alyp gitdi” diýdi.

Settler-kolonial wagşylyk

BMG-nyň habarnamaçylary, Abunimahyň tussag edilmegini söz azatlygyna garşy göçüm hökmünde häsiýetlendirdi we berk garşylyk görkezdi.

BMG-nyň söz azatlygy boýunça habarnamaçysy İrene Khan tussag edilşigi “geň galdyryjy habar” hökmünde häsiýetlendirdi we Şweýsariýa, gyssagly işiň gozgalmagy, netijelenmegi we Abunimahyň boşadylmagy üçin çagyryş berdi.

Merkezi Ženewada ýerleşýän adam hukuklary topary Euro-Med Monitor hem tussag edilşik wakasyny berk ýazgaryp, munyň “Günbatarly hökümetleriň söz azatlygyny senzura etmek, adam pidalaryny görkezýän we Palestinanyň hukuklaryny goraýan žurnalistleri we meýletinleri nyşana alýan aksiýalarynyň artýandygyny açyk aýdyň görkezýändigini nygtady.

Animahyň ýeke-täk etmişi bar we ol hem Palestinany goraýan we Ysraýylyň wagşyçylygyna we Ysraýyla goldaw berýänlere garşy durýan žurnalist bolmagy.

Güýçlenýän garşylyklar

Žurnalist Abunimah Stambul howa menziline gelen soň göz astyna alynşyny we ondan soň başdan geçirlen wakalaryny X sosial media platformasy arkaly gürrüň berdi.

“Men indi erkin, muny uçarda ýazdym we Stambula gonandan soň size ýetirýärin” diýip ýazdy.

Maşgalasy bilen aragatnaşyk saklamagyna hem rugsat berilmändigini we “Şweýsariýanyň kanunlaryna garşy jenaýet etmekde” günäkärlenendigini we emma özüne hiç hili maglumat berilmändigini öňe sürdi.

Tussag edilşigi “Günbatarly hökümetleriň palestin halkyna goldaw berýän sözlerine garşy alnyp barylan tutum” hökmünde häsiýetlendiren El, geçen ýyl Britaniýada birnaçe meýletiniň we žurnalistiň terrora goldaw bermekde günäkärlenendikerini we tussag edilendigini nygtady.

Şolaryň arasynda El-iň kömekçi redaktory Asa Winstanler hem bardy. Winstanleriň öýüne reýd geçirildi, kompýutreri we telefonlary alnypdy” diýildi.

Abunimah, zor bilen ulaga mündirlip tussaghana alnyp gidilenden soň Şweýsariýanyň Goranmak ministrline bagly razwetka güýçleri tarapyndan hem sorag edildi.

“Men Şweýsariýa, Şweýsariýanyň raýatlarynyň çakylygyna laýyklykda Palestinada adalatyň ýola goýulmagy üçin çykyş etmek we genosidiň jogapkärleriniň jerimesini çekmegine ünsi çekmek üçin geldim” diýdi.

Palestinaly žurnalist, genosidiň ilkinji günlerinde “Gazanyň ýaşaýjylarynyň arasynda bigünä adam ýok”diýen Ysraýylyň Prezdenti Gersogyň, Dawosda dabaraly ýagdaýda garşylandygyny we hakykatlary halka ýetirýän žurnaliste bolsa zulum edilendigini aýtdy.

Abunimah, sözleriniň ahyrynda “Derýanyň oglundan deňize Palestina azat bolar” diýip belledi.

 

 

TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us